“ARASSA TEBIGAT-ERTIRIMIZDIR!” EKO-FESTIWALY

Häzirki wagtda ekologiýa we daşky gurşawy goramak halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan möhüm meseleleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň ekologiýa syýasatynda ýaşlaryň ekologiýa aňyny ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň we halkara guramalaryň bilimi ekologiýalaşdyrmak boýunça yglan eden uzak möhletleýin Maksatnamasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň çäginde “2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 25-nji aprelinde Halkara Ýaşyl Bilim we Daşky gurşawy goramak taslamalarynyň, daşky gurşawy goramak boýunça bilim hyzmatdaşlygy (GEP) bilen ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Bütindünýä hereket günleriniň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Assosirlenen mekdepler torunyň agzasy bolan 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde “Arassa tebigat ertirimizdir!” atly eko-festiwaly geçirildi.

ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda we Daşky gurşawy goramak boýunça bilim hyzmatdaşlygy (GEP) bilen her ýyl geçirilýän Bütindünýä hereket günleriniň (Global Action Days) çäginde gurnalan eko-festiwaly ýaş nesliň ekologiýa, daşky gurşawy goramak barada ekologiýa biliminiň artdyrylmagynda we olaryň daşky gurşaw bilen bagly meselelerde çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagynda möhüm ädimleriň biri boldy.

Festiwalda ýurdumyzyň we dünýäniň ýaşlary üçin ekologik bilimiň ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Işewür ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň galyndy materiallardan ýasalan ekologik önümleriň sergisi görkezildi. Bu sergi, ekologiýa taýdan arassa önümleriň we täzeden işlemegiň ähmiýetini açyp görkezdi. Eko torbalara surat çekmek bäsleşiginde okuwçylar häzirki döwrüň ekologik meselelerini düşündirýän suratlary çekmek boýunça gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijilere sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Mekdep okuwçylarynyň gurnamagynda, ekologiýa barada dürli oýunlar geçirildi. Oýunlar, ýaşlaryň ekologiýa babatynda ýakyn düşünje gazanmagyna we aralykda bir-birleri bilen hyzmatdaşlyk etmegine kömek etdi. Eko festiwalda mekdebiň okuwçylarynyň taýýarlamagynda görkezilen “Ýer şaryna zir-zibiliň ýetirýän zyýany” atly prezentasiýa, “Hapa suwlardan arassa suwlary filtrlemek usuly”, “Çöllük ýerleri abadanlaşdyrmagyň ýollary” ýaly tejribeler gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Eko-festiwal ýaşlaryň daşky gurşawa jogapkärçilikli raýatlar hökmünde terbiýelenmeginde hem-de daşky gurşawy gorap, tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy ýola goýmakda möhüm ädimdir.

Jeren BADYÝEWA,

ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen

Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar