2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen, tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Durnukly ösüş bizden başlanýar. Meniň ekologiýa goşandym” atly eko-festiwaly geçirildi.
Bu eko-festiwaly ÝUNESKO-nyň bilimi ekologiýalaşdyrmak boýunça yglan eden uzak möhletleýin maksatnamasyny ýurdumyzda durmuşa geçirmegiň we "Ýaşyl bilim" hem-de "Daşky gurşawy goramak" taslamalarynyň çäginde, ýaşlaryň ekologiýa bilimini artdyrmak, olaryň ekologiýa ulgamyndaky taslamalaryny höweslendirmek we dünýäde dowam edýän ekologik meseleler barada düşünje berip, çözgütler tapmaga, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine ünsüni çekmek maksady bilen geçirilip, ýaşlary bu ugurda işjeň we jogapkärli raýat hökmünde ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Durnukly ösüş bizden başlanýar. Meniň ekologiýa goşandym" atly eko-festiwalynyň geçirilmegi, diňe bir Balkanabat şäherinde, eýsem bütin Türkmenistan we halkara derejesinde ekologiýa bilimini ösdürmekde, ýaşlaryň daşky gurşawy goramakdaky roluny artdyrmakda, şeýle-de ÝUNESKO we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňelmeginde uly orun tutýar.
Festiwalda «Eko-şäher», suw we energiýa tygşytlamak, galyndylar bilen işlemek ýaly meseleler boýunça okuwçylaryň ekologiýa taslamalarynyň görkezilişi ýaşlaryň ekologiýa we daşky gurşaw hakyndaky düşünjeleriniň artdyrylmagynda täsirli boldy. Çykyşlar we interaktiw söhbetdeşlikler, ekologiýa meselelerine bagyşlanan dokumental filmiň görkezilişi ýaşlaryň ekologiýa meselelerine bolan garaýyşlaryny has-da çuňlaşdyrdy we olara çözgüt tapmaga ruhlandyrdy.