Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ösdürýär. Şeýle halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlykdyr.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda ýerleşýän gadymy taryhy ýadygärlikler dünýä derejesinde giňden tanadylýar. Merw, Köneürgenç, Parfiýa galalary ýaly beýik medeni merkezler Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ädim diňe bir taryhy gymmatlyklarymyzyň goralmagyna däl, eýsem olaryň bütin adamzadyň baýlygyna öwrülmegine hyzmat edýär. Şeýle-de türkmen halysy, dutar we bagşyçylyk sungaty ýaly maddy däl medeni miras gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawynda mynasyp orun aldy.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň bilim boýunça hem maksatnamalaryna işjeň gatnaşyp, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, halkara derejesinde hünärmenleri taýýarlamak we bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda netijeli işler alnyp barylýar.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ekologiýa meselelerine hem aýratyn ähmiýet berilýär, olaryň hatarynda suw serişdelerini tygşytly ulanmak, biodürlüligi goramak, ylmy barlaglary ösdürmek degişlidir. Bu işleriň ähli ugurlarynda ýurdumyzyň halkara tejribäni özleşdirmegi we ony milli ösüşde peýdalanmagy möhüm netijeleri berýär.
Türkmenistan halkara derejesinde öňe sürýän «Parahatçylyk we ynanyşmak» ýörelgeleri bilen ÝUNESKO-nyň esasy maksadyna laýyklykda medeniýetleriň arasyndaky dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar.
Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi milli medeni mirasymyzyň dünýä ýüzünde tanadylmagyna, ýaş nesillerimiziň bilim we ylym ulgamynda mümkinçilikleriniň giňelmegine, şeýle hem parahatçylykly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam edýär.
Beýzali ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.