Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde halkara bilermeni Olena Starets ýurdumyza geldi.
Onuň sapary çagalaryň saglygyny goramak babatynda halkara teswirnamalaryň we ülňüleriň milli derejede durmuşa geçirilmegine goldaw bermeklige gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, geljekde kärine ökde milli hünärmenleriň ulgamyny döretmek üçin okuw sapaklary guraldy. Bilermen çaga kesellerine baha bermek, olary toparlara bölmek we bejermek, bäbeklere ideg etmek, şol sanda iýmitlendirmek we immunizasiýa meseleleri boýunça möhüm kliniki teklipleri hödürledi.
Olena Starets şeýle hem «Çagalarymyzyň saglygy» atly jemgyýetçiligi habardar etmek boýunça çäreleri geçirdi. Mejlislere 100-e golaý adam, şol sanda ýaş ata- eneler gatnaşdylar, olar öýde çagalara ideg etmek baradaky bilimlerini ýokarlandyrdylar.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Narteanyň belleýşi ýaly, çagalaryň saglygyny goramak üçin maslahat berilýän teswirnamalaryň we ülňüleriň gündelik lukmançylyk hem-de ene-atalar tejribesine goşulmagy her bir çagany kesellerden goramagyň kepili bolup durýar.
turkmenistan.gov.tm