Şeýle şygar bilen, düýn, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Onda halypalar, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, bilim alýan ýaşlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri çykyş etdiler.
Milli buýsanjymyzyň şanyna toýlanylýan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ähmiýeti, behişdi bedewlerimiziň taryhdaky orny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler, şol sanda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şöhratly ýeňişleri dogrusyndaky buýsançly çykyşlar brifing duşuşygynda esasy söhbetler boldy. Bagtyýar talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallara alan kanagatlanarly jogaplary bolsa, duşuşygyň ähmiýetini ýokarlandyrdy.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň giň eýwanynda sergilenen ahalteke bedewleriniň sergisi çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary brifing duşuşygynyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.
Turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslenen bu çäre oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.