ÝARAMAZ ENDIKLERIŇ GARŞYSYNA MILLI RUH BILEN

Şu gün Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Köpugurly hassahanasynda «Il saglygy – ýurt baýlygy» şygary bilen Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek bilen baglanyşykly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

Ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda işjeň durmuşa ornaşdyrylýan «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän mähriban Watanymyzda lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmegi, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmegi, her bir raýatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagy babatda ägirt uly özgertmeler amala aşyryldy. Şol sanda ýurdumyzy temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler buýsanç bilen bellärliklidir.

Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Milli Liderimize Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan temmäkä garşy göreşmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, aýratyn Ýadygärlik medaly we Minnetdarlyk Şahadatnamasy gowşuryldy. Munuň özi alym Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi esasynda ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy hökmünde yglan edilen adamyň saglygyny goramakda we berkitmekde, ilatyň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmakda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şular dogrusyndaky buýsançly söhbetdeşliklerde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri hem beýan edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR