BEHIŞDI BEDEWLER – MILLI BUÝSANJYMYZ

Düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Olarda bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak boýunça uly işler durmuşa geçirildi.

Milli gymmatlygymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda taýsyz tagallalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri her bir çykyşyň özenini düzdi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR