Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine laýyklykda halkara hyzmatdaşlygynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Muňa ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa nobatdaky sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasata işjeň gatnaşýan watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň biridir.
Şundan ugur alyp, düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi, dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.