DÖWREBAP INNOWASION USULLARY ORNAŞDYRMAK WE ÖWRENMEK – MÖHÜM WEZIPE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň çäklerinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ähli pudaklara sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş ilerlemegine oňyn netijesini berýär. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň alyp barmagynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle başlangyç bilimi bermekde ylmyň, tehnikanyň we innowasion tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde hem şular dogrusynda hem-de bilim bermegiň kämil usuly bolan STEM boýunça täsirli gürrüňleri etdiler.

Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR