Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň bilelikde yglan etmeginde «Ekologiýa gözelligi – parahat we abadan durmuşyň möhüm şerti» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýämizi baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljekki nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp yglan edilen bu bäsleşigiň esasy maksady Arkadag şäherini bagy-bossanlyga öwürmekden, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamakdan, ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmekden, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň çäginde amal edilýän möhüm ähmiýetli işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen bäsleşigiň sowgat gowşurylyş dabarasy ýokary guramaçylykly geçirilip, onda ýeňiji diýlip yglan edilenlere we bu ekologiýa çärä işjeň gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.