ÝYLYŇ ŞYGARYNA WE BEÝIK AHLAK HÄSIÝETLERINE BAGYŞLANAN BRIFING

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki günde biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň faktory hökmünde özüni has hem aýdyň ýüze çykarýar» diýip belleýär. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 3–4-nji aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynda garalan meselelerde, öňe sürlen başlangyçlarda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirildi.

Türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat bähbitlerini goramakdaky, dünýäde parahatçylygy berkitmekdäki ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň ähmiýetini ýaşlara giňişleýin düşündirmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda brifing duşuşygy geçirildi.

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu duşuşykda beýik ahlak häsiýetlerine eýe bolan türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýol-ýörelgeleri, ýurdumyzda körpe nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy babatda döredilýän mümkinçilikler hem-de ýurdumyzyň sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny saklamak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR