TÜRKMEN BITARAPLYGY – PARAHATLYGYŇ KÄMIL NUSGASY

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän bu ýylymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi we hemişelik Bitaraplyk derejämiziň üçünji gezek ykrar edilmegi mynasybetli ýerine ýetirilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.

Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Şeýle hem çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä dolduran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ahmet GYŞYKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR