WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 8-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 8-nji orta mekdebiniň uçurymlarynyň arasynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ýaşlaryň mynasyp goşant goşmalydygyny, olaryň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleriniň abadan durmuşymyzyň aýdyň güwäsidigini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 990 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 972 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1323 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR