PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyny, hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparyny hem-de aprel aýynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Aýgözel Baýramowa, Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulşat Ataýewa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hünärmeni Bägül Bekçiýewa dagylar gatnaşdylar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagynyň ähmiýeti, dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly geçirilen halkara maslahaty, ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, dürli sport çäreleriniň giň gerime eýe bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygy barada söhbet edildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn bedenli, ruhubelent bolmaklary üçin bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI