Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň “Mugallymlar” gazeti we “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “tegelek stoluň” başynda ýazgy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler, şeýle hem gaznanyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly:çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň gatnaşmagynda gyzykly söhbetler edilip, sorag-jogaplar alşyldy.
Ýazgynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň saglygy we abadançylygy baradaky ýadawsyz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň baş hünärmeni.