Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Kämil nesil – bagtly geljegiň binýady» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler mekdep okuwçylarynyň arasynda bolup biläýjek kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ahlak arassalygyny berjaý etmek hakynda wagyz etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan dörän ajaýyp eserlerini geljegimiz bolan ýaş nesillerimize düşündirmek, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, watansöýüji, edep-ekramly ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak dogrusynda gymmatly öwütlerini berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ýaşlarymyz üçin okamaga, döretmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.
Muhammetnazar REJEPOW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky
daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji
orta mekdebiň mugallymy, IÝG-niň başlygy.