Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokuraturasynyň, polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 142-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşmagynda «Parahat durmuşyň bagtyýar ýaşlary» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tassyklanan Meýilnama esasynda geçirilen bu çäräniň esasy maksady ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekden, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmakdan, hukuk sowatlylygyny artdyrmakdan hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini giňden wagyz etmekden ybarat boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.