“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlige institutyň talyp ýaşlary, mugallymlar hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşler hem-de goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işler, şeýle hem ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler forumlar barada giňişleýin söhbetler edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Orazgül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Umumy bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI