WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy jinsi toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň mejlisler zalynda bu ýerde zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, dokmaçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler öz çykyşlarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändigini, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze özgertmeler eýýamynda, il-ýurt bähbitli gönükdirlen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, bolup geçýän oňyn özgertmeler bu günki gün her bir türkmen halkynyň ruhuna ruh goşup, eşretli zamanamyzda ýaşamaga, gurmaga, döretmäge bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar diýip çykyşlarda bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar dokma pudagyny gülledip ösdürmekde uly mümkinçilikleri şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Allanazar TÄÇMYRADOW,

Türkmenbaşy jinsi toplumynyň Magtymguly

adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 21 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

19 Awgust 2025 | 82 okalan

DOSTLUK KÖPRÜLERI BERKIDILÝÄR

19 Awgust 2025 | 54 okalan

SPORTA SÖÝGI