ARKADAG ŞÄHERI ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bu günki her bir döwletli tutumlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amal edilip «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda Watanymyzy syýasy ykdysady medeni taýdan ösdürmekde ýurdumyzda binagärlik we şäher gurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary şäherçeleri şäherleri gurmakda durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar.

Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiligini bütin dünýä äşgär edilýändigini, häzirki zaman binagärligiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp önümçilik medeni durmuş maksatly desgalary ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň Akylly şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi biz ýaşlary guwandyrýar.

Bu ýerde bagtyýar türkmen ýaşlarymyzyň bilim ussatlyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen halypa ussatlarymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän okuw mekdepleriniň bolmagy, ýagny: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň bolmagy, kämil bilimini durmuş ýüzünde amal etmek üçin tejiribeliligini artdyrmak üçin dürli edara-kärhanalaryň bolmagy ýagny: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, çagalar baglarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň, sport toplumlarynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bolmagyny bellemek ýakymly. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň ajaýyp keşbi ýurdumyzyň sebitlerinde açylan we häzirki wagtda gurluşyklary üstünlikli dowam edýän häzirki zaman şäherleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we jaý binalaryň mümkinçiliklerinde mynasyp janlanýar.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 38 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 32 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 33 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI