Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynda beýan edilýän wakalary ýaşlara ýetirmek maksady bilen, sahna eseri görkezildi.
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň wekilleri, işjeň agzalary, şeýle hem, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar bu gyzykly sahna eseriniň tomaşaçylary boldular.
Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, zähmete bolan söýgini artdyrmak ýaly möhüm temalary gozgaýan terbiýeçilik ähmiýetli bu sahna eseri tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.
Ismail ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.