«ASUDA ASMANYM, PARAHAT ILIM»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Berkararlyk etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine «Asuda asmanym, parahat ilim» atly şygar astynda gezelenç çäresi guraldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň esasy maksady, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizi wagyz etmek hem-de ýurdumyzyň dünýä halklarynyň arasynda baý taryhynyň bardygyny talyp ýaşlara düşündirmek boldy.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar talyp ýaşlar milli mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 56 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 69 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 125 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI