PAÝHASA EÝLENEN ESERLER – ÝAŞLARYŇ DURMUŞ MEKDEBI

Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp eseri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ähmiýetini we eserde beýan edilýän gymmatly maglumatlary ýaşlara düşündirmek maksady bilen «Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby – ýaşlara öwüt-nesihat mekdebi» atly şygar astynda maslahat geçirildi.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.

 

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR