PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞLER, ULY ÜSTÜNLIKLER DOGRUSYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi mynasybetli «Bitaraplyk – milli buýsanjymyz» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşykda guramanyň wekilleri hem-de Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, şeýle hem Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary çykyş etdiler.

Täsirli söhbetdeşlik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR