Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde «Ruhy we beden taýdan sagdyn nesiller – bagtyýar geljegimiziň eýeleri» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak, jenaýatçylyklaryň, öz janyna kast etmek ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen bu maslahat oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Ahmet GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.