Hepdäniň penşenbe güni hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary gatnaşdylar. Mejlisde ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijesi barada aýdylyp, ýakyn geljegiň wezipeleri kesgitlendi.
Giňişleýin mejlisde ilki bilen maliýe ministri çykyş edip, dokuz aýyň dowamynda ulgamda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Geçen aýlaryň dowamynda maliýe meýilnamasy boýunça girdeji 122,3 göterime, çykdajylar bolsa 91 göterime barabar bolupdyr. Bu ulgamda çykdajylaryň umumy möçberiniň onlarça göterimi durmuş ulgamyna gönükdirilipdir. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň ykdysady ösüşleriniň durnuklylygyny saklamak üçin ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze maksatnamalaryny işläp düzmegiň zerurlygyny, amatly ugurlar boýunça ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport etmegi güýçlendirmek we importyň düzümini kämilleşdirmek barada durup geçdi. Şeýle hem Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň işi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Türkmenistanyň dünýä ýüzüniň hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça ylmy tarapdan esaslandyrylan maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, bu barada ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynda geçen dokuz aýyň dowamynda edilen işleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirip, ep-esli ösüşiň gazanylandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz statistika edaralarynyň durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmeginiň, Diýarymyzyň düzümleýin we maýa goýum syýasatyny üýtgedip guramagyň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti baradaky hasabatlar Ykdysadyýet we ösüş ministriniň çykyşy bilen dowam etdirildi. Ol öz hasabatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde millionlarça maýa goýum serişdesiniň özleşdirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet we milli maksatnamalarynda aýdyňlaşdyrylýan ähli wezipeleriň, aýratyn-da, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler hakynda aýdyp, ministre birnäçe görkezmeler berdi.
Merkezi bankyň başlygy bank edaralarynda alnyp barlan işler, ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça ministrlikleriň we edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan daşary ýurt pullary babatda amala aşyrylýan meýilnama hakda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki pul dolanyşygy kadalaşdyrmagyň we gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, Olimpiýa şäherçesiniň, ençeme zawod-fabrikleriň, awtomobil we demir ýollarynyň, howa menzilleriniň, köp sanly mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň gurluşyklarynyň tamamlanmagy bilen baglylykda Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň zerurlygynyň aradan aýrylýandygyny aýdyp, ony Maliýe ministrligi bilen birleşdirip, onuň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmegi karar edendigini mälim etdi.
Giňişleýin mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hasabat bilen çykyş etdi. Ol nebit we gaz kondensatyny çykarmak, benzin we dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gaz ýaly önümleriň öndürilmeginiň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendigini aýtdy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy barada hem hasabat berdi. Soňra ýurdumyzyň senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer çykyş edip, Senagat ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça dokuz aýyň dowamynda edilen işler dogrusynda aýtdy. Ony diňläp, hormatly Prezidentimiz önümleriň hil derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak ýerli önümleri öndürmek, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini hususylaşdyrmak barada aýratyn durup geçdi. Daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberiniň azaldylandygy üçin, Senagat we Dokma senagaty ministrliginiň ministrlerine käýinç yglan etdi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda, söwda toplumynda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda alnyp barylýan işler dogrusynda hasabatlar berildi. Gahryman Arkadagymyz çykyşlary diňläp, raýatlarymyzyň sagdynlygyny goramagyň, ýaş nesillere edep-terbiýe we çuňňur bilim bermegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada aýtdy. Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde dokuz aýyň dowamynda edilen işler baradaky hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy hem-de baky Bitaraplygymyzyň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada aýratyn tabşyryklar berdi. Mejlisiň dowamynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabaty diňläp, milli Liderimiz durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ösdürmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kadalaşdyryş-hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça hem öňde durýan wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary döwletler bilen syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde halkara gatnaşyklary berkitmek, halkara derejesinde geçirilýän çärelere we maslahatlara ykjam taýýarlyk görmek hakynda hem aýtdy. Mejlisiň soňunda jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ýolbaşçysynyň, ýurdumyzyň Baş prokurorynyň, Ýokary kazyýetiň başlygynyň, Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň, ýurdumyzyň welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi we degişli görkezmeler berildi.
Mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmakda goşan şahsy goşantlary üçin ýurdumyzyň raýatlaryny «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hem-de olara «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi we şu sylaglaryň Ýaşulular maslahatynda dabaraly ýagdaýda gowşuryljakdygyny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar 7-nji oktýabrda gowşurylar. Hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala agzybirligini arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.
“Nesil” gazeti,
07.10.2017ý.












