ÝOLBARS HEM IT

     Günlerde bir gün ýolbarsyň ýanyna bir it barypdyr-da, oňa uruşmagy teklip edipdir. Emma şir onuň teklibini piňine-de almandyr, oňa ünsem bermändir. Şonda it jabjynyp üýrüpdir-de, şeýle diýipdir:

     — Eger sen meniň bilen uruşmasaň, men giderin-de, dostlaryma: «Ýolbars menden gorkýar, ol barypýatan züwwetdin» diýerin.

Ýolbars agraslyk bilen şeýle jogap beripdir:

     — It bilen urşanym üçin ýolbarslaryň ýigrenjine galanymdan, goý, itler meni gorkaklykda ýazgarsynlar…

 

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.

Öňki makala

MAÝMYN HEM BALYK

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 22 okalan

ALAJALY ÝOL — NURANA ÝOL

20 Oktýabr 2025 | 100 okalan

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY — DURMUŞ MEKDEBI

17 Oktýabr 2025 | 167 okalan

KEÇEÇILIK SUNGATY