Hepdäniň sişenbe güni hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Mejlisiň gün tertibinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerini has kämilleşdirmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň meselelerine seredildi. Ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly işler hem ünsden düşürilmedi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ilki bilen çykyş etdi. Ol ýanwar-sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barlan işler dogrusynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Diýarymyzyň ýaş raýatlaryny nobatdaky güýzki harby gulluga çagyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görmek baradaky meseleler hakynda aýratyn nygtaldy. Ýurt Baştutanymyz hasabaty diňläp, il asudalygyny, ýurt parahatçylygyny üpjün edýän harby we hukuk goraýjylaryň düzümleriniň işlerini sazlaşdyrmak, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti, iň kämil we ýokary derejeli tehnikalary ulanmakda harby gullukçylaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak, esgerleri mähriban Watanymyza, eziz halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek baradaky işleri pugtalandyrmak dogrusynda berk tabşyrdy. Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, ony täze tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň meselelerine ünsi çekdi. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek harby ýörişiň ýokary derejede bolmalydygyny, onda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň artýan kuwwatyny görkezmegiň möhümdigini nygtap, bu barada aýratyn tabşyryklar berdi.
Içeri işler ministri hem hasabatynyň başyny dokuz aýyň dowamynda geçirilen işleriň seljermesinden başlady. Ol jemgyýetçilik tertibini berjaý etmegiň, düzgün bozmalaryň öňüni almagyň, ýurdumyzyň ýollarynda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň görülýän çäreler esasynda amala aşyrylyşy dogrusynda gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki durnuklylygy üpjün etmegiň döwletimiziň okgunly ösmeginiň hamyrmaýasydygyny belledi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk berjaý edilmeginiň we goralmagynyň wajypdygyny aýdyp, bu barada anyk tabşyryklar berdi.
Her bir ýurt serhediniň abatlygy bilen asuda we parahat ýaşaýar. Şol sebäpli-de serhet gullugyny pugtalandyrmak, serhetçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiz bu barada aýdylanlary diňläp, mundan buýana hem uzak ýyllaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşan serhetdeş döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada aýdyp geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Baş prokurorynyň hasabatyny diňläp, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň ähli kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny, hususy düzümleriň wekilleri tarapyndan milli kanunçylygyň islendik bozulmalarynyň öňüni almagyň zerurdygyny aýtdy we berk talap etdi. Ýokary kazyýetiň başlygy hem öz hasabatynda dokuz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz ony diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmelidigini nygtady.
Milli howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz hasabat boýunça çykyş etmeleriň ählisini diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Adalat ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýry-aýrylykda durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň sazlaşykly işleriniň ýurdumyzyň mundan buýana hem gülläp ösmeginiň, daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, kanunçylyk ulgamlary has-da kämilleşdirmegiň we ykrar edilen dünýä ölçeglerine laýyk getirmegiň, dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny berk nygtady. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylarynyň birnäçesini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipedigini aýdyp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisine möhüm we jogapkärli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
05.10.2017ý.












