Döwlet býujetiniň taslamasy — röwşen geljegiň badalgasy

Hormatly Prezidentimiz hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

 Mejlisde ýurdumyzyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna hem-de käbir resminamalara seredildi. Agzybir halkymyzyň asudalygyny, abadan ýaşaýşyny has gowulandyrmaga gönükdirilen içeri syýasatyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Milli Liderimiz ilki bilen maliýe ministriniň hasabatyny diňledi. Ol öz çykyşynda geljek täze 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taýýarlanyşy barada aýtmak bilen, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň beren maslahatlaryndan we tabşyryklaryndan ugur alnandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan býujet işläp düzülende, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriň hasaplamalaryna esaslanyldy. Hasabaty diňläp, hormatly ýurt Baştutanymyz býujet düzülende halkyň durmuş ulgamyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge niýetlenen karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga aýratyn üns beriljekdigini nygtady. Milli Liderimiz kiçi önümçilikleri höweslendirmegiň we ýola goýmagyň gowy netijeler berjekdigini aýtdy. Ýurt Baştutanymyzyň aýratyn-da ilata karz serişdelerini bermekligiň möçberini artdyrmak we göterimlerini elýeterli etmek baradaky sözleri hemmeleri begendirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna esaslanýandygyny bellemek bilen, ilaty bank goýumlaryny goýmaga çekmekligi aýratyn tabşyrdy. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegine hem aýratyn üns berilýär. Kiçi we orta telekeçilere döwlet tarapyndan ýardam edilmegi önümçilik kärhanalarynyň sanyny artdyrýar.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda meýilleşdirilen serişdeler barada hasabat berdi. Hasabaty diňlän milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna hojalyk hasaplaşygyny netijeli ornaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini içgin öwrenmek we iş ýüzüne geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak hem-de şol hil derejäni halkara ölçeglerine dogrulamak barada nygtady. Sport, bilim ulgamlarynda mundan buýana-da meseleleriň ählisini toplumlaýyn çözmegiň zerurdygyny aýdyp, anyk tabşyryklar berdi.

 Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer çykyş edip, täze Döwlet býujeti esasynda ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän seljermeleriň netijesi barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz nebit we gazhimiýa önümleriniň daşary ýurtlara çykarylyşyny artdyrmaklyga, bu pudagy döwrebaplaşdyrmaklyga we diwersifikasiýalaşdyrmaklyga ünsi çekip, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmek barada aýratyn tabşyrdy. Barha kuwwatlanýan ykdysadyýet ulgamy hakynda-da mejlisde giňden habar berildi. Bu ulgamda ýurdumyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek, ýerli serişdeleriň hasabyna innowasion önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, olary döretmek üçin maýa goýumlaryny gönükdirmek we şonuň hasabyna dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik almak hakynda aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz ulag we aragatnaşyk ulgamy baradaky hasabaty hem diňläp, ulag ulgamynyň içerki önümleriň ösüşine, döwlet we ýerli býujetleriň girdejileriniň artmagyna uly goşant goşýandygyny belledi. Şeýlelikde ekologiýa taýdan amatly usullardan peýdalanyp, geljekde demir ýollary elektrikleşdirmäge girişmegiň zerurdygyny nygtady. Mejlisiň dowamynda gurluşyk we jemagat hojalygyna degişli edaralaryň alyp barýan işleri dogrusynda hem aýdyldy. Hasabaty diňlän hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda ägirt uly gurluşyk işleriniň meýilleşdirilýändigini belläp, bu işde ýerli çig mallardan peýdalanmagy, oňa ýerli gurluşyk kompaniýalaryny çekmegi tabşyrdy.

 Obasenagat toplumy ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýar. Bu barada çykyş eden wise-premýere milli Liderimiz býujetden goýberilen serişdeleri suw hojalygyny ösdürmäge gönükdirmegi, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga sarp etmegi tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda medeniýet ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýändigi, ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigi barada hem aýdyldy. Bu serişdeleriň sarp edilişine we maksada laýyk ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek hakynda nygtaldy.

 Mejlisiň barşynda Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek barada hasabat berildi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz Türkmenistan döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de “Açyk gapylar” syýasatyna ygrarlydygyny belledi.

Mejlisiň soňunda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň hasabatyny-da diňledi. Ol öz çykyşynda täze ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamakda milli parlamentiň deputatlarynyň degişli ministrlikler, pudak edaralary we häkimlikler bilen bilelikde alyp barýan işleri dogrusynda aýtdy. Ýurt Baştutanymyz 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini hemmetaraplaýyn oýlanyşykly taýýarlamagyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Mejlis hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara maşgala agzybirligini, berk jan saglygy, işlerinde uly üstünligi, tutuş halkymyza bolsa bagtyýar ýaşaýşy we rowaçlyklary arzuw etmegi bilen tamamlandy.

“Nesil” gazeti,

26.09.2017ý.

Meňzeş habarlar