Bedew batly Türkmenistan gül açýar

Berkarar döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýakynda ýagny, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen bilelikde gün tertibine girizilen möhüm meselelere seredildi.

 Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilki bilen Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemegiň meýilnamalary bilen bagly meselelere seredildi. Hormatly Prezidentimiz pudaklary okgunly ösdürmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly tutuş ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

 Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän möhüm meýilnamalar hakynda bolsa Türkmenistanyň ulag düzümleriniň köp şahaly sebit düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşyjy bolýandygyny belläp, bu işde öňdebaryjylygy saklamak üçin ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ählisiniň — demirýol, howa, awtomobil we beýleki ulgamlaryň işini döwrebap usullar bilen guramak hakynda anyk tabşyryklar berdi.

 Kuwwatly energetika döwleti bolan Türkmenistanyň halkara derejeli taslamalarynyň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky meselä seredildi. “TAPI Pipeline Сompany Limited” paýdarlar kompaniýasynyň tehniki maslahatçy — Germaniýanyň “ILF Beratende Ingeniure GmbH” kompaniýasy, hukuk maslahatçysy bolsa Beýik Britaniýanyň “Allen and Overy LLP” kompaniýasy bolup durýar. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň türkmen böleginde alnyp barylýan işleriň netijesinde onuň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna taýýarlyk görmegiň deslapky tapgyrlary aýdyňlaşdyryldy.

 TOPH gaz geçirijisiniň degişli böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň başynda girişmek hem-de 2019-njy ýylda tebigy gazy akdyryp başlamak maksady bilen, dürli göwrümli enjamlary we turbalary satyn almak üçin halkara bäsleşigini sentýabr aýynyň aýagyna çenli geçirmek meýilleşdirilýär. Gaz geçirijiniň ugrunda guruljak beýleki desgalaryň taslamalary hem taýýarlanýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň halkara energetika ulgamyna utgaşykly goşulmagyny, TOPH taslamasynyň bolsa bu ugurda diňe bir ýurdumyz üçin bähbitli bolman, ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmegiň hem bir bölegi bolup durýanlygyny belledi.

 Ýylyň oba hojalyk möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän pursatynda ýurdumyzda alnyp barylýan pagta ýygymynyň barşy bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ykdysady taýdan kuwwatlandyrmagyň ýollaryny salgy berdi. Şonuň ýaly ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny saklamakda paýtagtymyzda we welaýatlarda ekilen agaç nahallaryna ideg etmegiň möhümdigini hem nygtady.

 Döwlet Baştutanymyz bedew bady bilen ösýän ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň bazarlaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat harytlary bilen üpjün etmek meseleleriniň möhümdigini nygtap, toplumyň işine jogap berýän wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

 Döwrümizi joşgun bilen wasp edýän medeni-köpçülik çäreleriniň hem sentýabr aýynda uly ruhubelentlige beslenjekdigi nygtaldy. Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri, meşhur estrada ýyldyzlarynyň konsertleri meýilleşdirilýär.

 Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyryp ösdürmegiň täze tapgyrlaryna badalga bermek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkezi dörediler, elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän merkezi serwer ýerleşdiriler. Merkezde döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, şol sanda elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimediýa programmalary bilen işleniler. Ylym we bilim ulgamynda dünýä täzelikleri öwreniler, ensiklopediýalar we sözlükler dörediler. Ýeke-täk bilim toruna birikdirilen bilim edaralary üçin merkezi serwerde ýerleşdirilen elektron bilim gorlary we hyzmatlary elýeterli bolar. Öz gezeginde olar professor-mugallymlar, okuwçylar, talyplar we ene-atalar üçin hyzmat eder. Bilim edaralaryny dolandyrmak üçin maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylar.

 Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy meýilleşdirilen bu iri taslamany goldaýanlygyny aýtmak bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Karara gol çekip, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan bu taslamanyň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi hakynda tabşyryklar berdi.

 Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 72-nji maslahatyna hem-de BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşmagy bilen bagly meselelere seredilende hormatly Prezidentimiz bu iri dünýä guramalary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan ozalky sazlaşykly gatnaşyklara esaslanmalydygyny nygtady. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýän döredijilikli başlangyçlary hut şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

 Oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Ýaşulularyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Mejlisde ýurdumyzda kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi we deputatlaryň ilatymyzyň arasynda täze kabul edilýän kanunçylyk namalaryny düşündiriş-wagyz işlerini geçirmekleri hakynda hem aýdyldy.

 Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümlerinde alnyp barylýan işlere hem garaldy.

 Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimleriniň öz gözegçilik edýän ýerlerinde ýakyn gelen möhüm çärelere görülýän taýýarlyklar hakyndaky hasabatlary diňlenildi we degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, mejlisi tamamlady.

“Nesil” gazeti,

17.09.2017ý.

Meňzeş habarlar