Geçen anna güni Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde bedew bady bilen täze üstünlikler gazanylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň söz bermegi bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «EKSPO — 2017» ýöriteleşdirilen serginiň we onuň çäklerinde guralan Türkmenistanyň sergisiniň işleriniň netijeleri hakynda hasabat berdi. 10-njy iýundan 10-njy sentýabr aralygynda dowam eden Bütindünýä sergisiniň «Geljegiň energiýasy» diýen şygaryna laýyklykda Türkmenistan öz bölüminde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça çözgütlere orun berdi. Türkmenistanyň bölümine dünýä ýüzünden gelen müňlerçe tomaşaçylar syn etdiler. Olar, hususan-da, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen gyzyklandylar. Bütindünýä sergisiniň dowam eden döwründe daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesi bilen işewür gepleşikleriň hem onlarçasy geçirildi. Bu sergä Türkmenistanyň üstünlikli gatnaşandygyny bellemek gerek.
Güýz-gyş möwsüminiň gelmegi bilen baglylykda içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine seredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda 930 müň 210 hojalyk hem-de 5 müň 424 senagat we durmuş maksatly kärhana şertnamalaýyn esasda tebigy gaz bilen üpjün edilýär. Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri doly tamamlandy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” hem-de “Türkmengazakdyryş” birleşikleriniň hünärmenleri tarapyndan gazgeçiriji ulgamlaryň işiniň degişlilikde talabalaýyk işlemegi üçin barlag-taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä ünsi çekmek bilen ýurdumyzyň gymmatly tebigy baýlygy bolan «mawy ýangyjy» tygşytly tutmak, döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak bilen bagly düşündiriş işleriniň we anyk çäreleriň zerurdygy hakynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz güýzde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan pagta ýygymy we güýzlük däne ekişi bilen bagly meseleler hakynda durup geçende obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmek bilen bagly anyk teklipleriň gerekdigini belläp, olary taýýarlamagy tabşyrdy. Şonuň ýaly hem oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda himiýa senagatynyň mynasyp ornuny göz öňünde tutup, «Tejenkarbamid» zawodyny zerur bolan çig mal bilen üpjün etmegi we himiýa kärhanalarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy we degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Gurluşyk-energetika ulgamlarynyň işi bilen bagly meselelere seredilende hormatly Prezidentimiz ilatymyzy agyz suwy bilen üpjün etmegiň meseleleri hakynda belläp, agyz suwuny rejeli ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz demirýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak bilen bagly başlangyçlary durmuşa geçirmek maksady bilen demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmagy hakynda belliklerini beýan etdi.
Degişli wise-premýeriň çykyşyndan soň hormatly Prezidentimiz golaýlap gelýän sport baýramçylygyna bagyşlanan çäreleri guramak we geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna ornaşdyryljak täzelik — Ýanygy bejeriş merkezini gurmak maksady bilen potratçyny seçip almak hakyndaky halkara bäsleşigi geçirilende göz öňünde tutulmaly zerurlyklar hakynda nygtap, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenip, lukmançylygyň döwrebap tejribelerini ornaşdyrmak, dikeldiş hem-de intensiw terapiýasy bilen bir hatarda hirurgiýa-kosmetologiýa, «Tiz kömek» bölümlerini döretmek bilen bagly teklipleri aýtdy.
Wise-premýer BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Hasabatda Bitarap Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda sazlaşykly ösdürilýän gatnaşyklaryň esasy daýanýan meselelerine ünsi çekildi. Ol ýerde sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň maksatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen sporty ösdürmek, ekologiýa we beýlekiler babatda anyk mysallar getirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly işleriň has-da ýaýbaňlandyrylýandygy hakynda belledi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
12.09.2017ý.












