BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN ÇÄRE

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanan çäreler yzygiderli dowam edýär. Ýakynda TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi, etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet - sungat işgärleri uruş weterany Orazguly Muhammedowyň döwletli ojagyna baryp, bu şanly sene mynasybetli mähirli gutladylar. Orazguly aga  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk mynasybetli  sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymlary, çalan sazlary Orazguly aganyň göwün guşuny ganatlandyryp, şatlygyny goşalandyrdy. Edermenligiň beýik nusgasyny görkezen, sylag-sarpanyň eýesi bolan Orazguly aga şu şatlykly pursatda şeýle mümkinçilikleri döredip bereni üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.

 

Şöhrat MÄMMETHANOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2025 | 24 okalan

WATAN BORJY MUKADDESDIR

05 Noýabr 2025 | 27 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BUÝSANJY

03 Noýabr 2025 | 76 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR