Abadançylygyň we ösüşiň beýik ýoly bilen

 23-nji iýunda milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

 Mejlisde döwlet durmuşyna, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna degişli, milli we pudaklaýyn maksatnamalary ýerine ýetirmek, öňde boljak halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen iri çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiziň sebit we dünýä ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny ilerletmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlaryny diňledi.

 Hormatly Prezidentimiz zähmet ulgamyny kadalaşdyrmak hem-de Zähmet kodeksiniň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, öňe sürülýän başlangyçlary durmuş-ykdysady ösüşiň uzakmöhletleýin ugurlaryny nazara almak bilen, ilatyň iş bilen üpjünçiligine we döwlet goraglylygyna ýardam berjekdigini belläp, bu meseläni degişli pudak düzümleri hem-de Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

 Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, şol sanda nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze döwrebap toplumlary gurmaga degişli wajyp wezipelere ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginini güýçlendirmek we ähli düzümleriň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, orak möwsüminiň bellenilen möhletde ýitgisiz tamamlanmagy üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan 2017 — 2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halk hojalygynyň zerurlygy üçin täze hünärleri we ugurlary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

 

 Asylly däbe görä, umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat hökmünde kompýuterleriň 142 müň 819-sy satyn alnar.

 Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize şu okuw ýylynda 1-nji synpa geljek okuwçylara niýetlenen kompýuterleriň nusgalary görkezildi.

 Soňra milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde Aşgabada geljek syýahatçylar üçin elýeterli töleglerden dikuçarda syýahatlary guramak meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz syýahatçylara ýokardan paýtagtymyzy, Olimpiýa şäherjigini we olaryň daş-töweregini hem-de beýleki täsin we gözel ýerleri görkezmegiň möhümdigini aýtdy.

 Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy babatda ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Aý Nazar” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döretmek maksady bilen alnyp barylýan işleri makullap, birnäçe möhüm guramaçylyk işlerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz, ozaly bilen, täze aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmeginiň, beýleki tehniki-guramaçylyk meselelerini hemmetaraplaýyn hem-de oýlanyşykly seljermegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de bu ugurdaky işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

 Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ünsüni jemgyýetimiziň syýasy we hukuk medeniýetini ösdürmek, raýatlyk edaralarynyň ornuny pugtalandyrmak ýaly möhüm meselelere çekdi. Ähli kanunçylyk işi jemgyýetiň anyk bähbitlerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz deputatlaryň döwletimiziň kanunçylyk namalarynda durmuş ulgamy meselelerinde ilatyň bähbitlerine ähmiýet bermekleriniň wajypdygyny aýtdy.

 Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

27.06.2017ý.

Meňzeş habarlar