Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, bu ugurda köptaraply gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Degişli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ýükleri daşamagyň tizligini artdyrmaga hem-de ýükleriň daşalyşyny dolandyrmak işini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy milli bähbitleriň ileri tutulmagynyň berjaý edilmegini hem-de daşarky bazarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmegi talap edýär. Şu şertlerde gümrük kadalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, döredilýän halkara ulag geçelgelerinde gümrük gullugynyň işiniň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmek wezipeleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz ulgamda amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekmek bilen, gümrük gullugynyň başlygyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde içeri işler edaralarynyň işiniň ähmiýetini belläp, bu ministrligiň ýolbaşçysyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge berk gözegçilik etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gyzyklanma bildirýän guramalar we edaralar bilen bilelikde Türkmenistanyň bu ulgamdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de olary amala aşyrmagy tabşyrdy.
Beýleki düzümleriň ählisinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça işleri ýokary derejede guramak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
20-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine milli durmuş-ykdysady ösüş babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler hem-de bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet gümrük gullugynyň täze binasynda geçirilen mejlisde şeýle hem ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam bermek hem-de bu ugurda geljegi uly ugurlary kesgitlemek meselesine garaldy.
“Nesil” gazeti,
22.06.2017ý.












