Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna seredildi.
16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirmek üçin “Oguzhan” köşkler toplumyndan Hökümet binasyna tarap welosipedli geldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyna oňyn täsir edýär.
Mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri sebitlerde alnyp barylýan galla oragy we oňa Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynyň goşulmagy boldy. Bellenilişi ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Galla oragy bilen bir hatarda gowaçalara ideg etmek işleri, aralyk ekinleri ekmek we gök, bakja, miwe önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur çäreler ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwründe meýilleşdirilen çäreler hakyndaky hasabaty diňläp, milli Liderimiz gaznanyň Ýerine ýetiriji komitetini döretmek hakyndaky resminama gol çekip, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümini, onuň düzgünnamasyny we işgärleriň sanawyny tassyklady.
“2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüş maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, “Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň işini ilerletmek boýunça çäreler, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamanyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler mejlisiň esasy ugurlary boldy.
Şeýle hem hereket edýän birnäçe dokma toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak, ulag edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
20-21-nji iýunda Aşgabatda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk — 2017” köpugurly sergini, 27-28-nji iýunda bolsa “Söwda we hyzmatlar — 2017” sergi-ýarmarkasyny geçirmäge, öňde boljak Medeniýet hepdeligine, milli mirasy öwrenmek, saklamak we wagyz etmek işlerine görülýän taýýarlyklar hakynda habar berildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi we ýörite Karar bilen bu ýokary okuw mekdebiniň düzümini tassyklady.
Şeýle hem mejlisde Aziada — 2017-niň oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabady abadanlaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, häkimlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň ýanaşyk ýerleriň arassaçylygyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça ýowarlary guramaklarynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi we gök zolaklaryň döredilmegine, dynç alyş hem-de wagtyňy peýdaly geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
20.06.2017ý.












