Abadan durmuş ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheri we onuň ýanaşyk çäkleri boýunça dikuçarda iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, «Aşgabat — 2017» Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler, şeýle hem Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk möwsümleriniň barşy bilen tanyşdy.

 15-nji iýunda milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere eýerýänler üçin nusgalyk görelde bolmak bilen, asylly endigine eýerip, iş gününi irki maşklar bilen başlady we soňra welosipedde dikuçar meýdançasyna geldi.

 Şol gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz dikuçary özi dolandyryp, ýurdumyzyň baş şäherini synlady, bu ýerde alnyp barylýan işler hem-de aýratyn-da, ýol-ulag düzümlerini kämilleşdirmek boýunça, täze ýollary, köprüleri gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, Aşgabadyň yşyklandyryş ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen içgin gyzyklandy.

 Soňky ýyllarda Aşgabatda ýol-ulag ulgamlary düýpli döwrebaplaşdyryldy. Köp zolakly awtomobil aýrytlary guruldy, bular bolsa awtomobil ulaglarynyň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine ýardam berdi.

 Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze gurlan ýollarda degişli ýol belgileriniň sanynyň we maglumat tablolaryň ýetmezçilik edýändigine ünsi çekip, Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegini talap etdi.

 Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheri ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynda işler alnyp barylýar. Täze gurulýan desgalaryň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleri hem-de şäher gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy meýiller utgaşdyrylýar, olar ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýar.

 Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, beýleki binalaryň we dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda gök zolaklaryň döredilmegine, sport we çagalar üçin oýun meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagyna hem-de tutuşlygyna adamlaryň amatly dynç almagy hem-de wagtyny peýdaly geçirmegi üçin, şeýle hem paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün edýän zerur şertler döredilmelidir.

 Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna we gök zolaklaryň döredilişine, agaç nahallary bilen birlikde dürli gülleriň ekilmegine degişli birnäçe tabşyryklar berildi.

 Aşgabatda durmuşa geçirilýän möhüm iri taslamalar netijesinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi okgunly özgerýär, ol gözelligi, özboluşlylygy hem-de milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, “Aşgabat — 2017” Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berilýär, bu oýunlar şu ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda geçiriler.

 Soňra milli Liderimiziň dikuçary Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi A.Annamyradowyň bugdaý meýdanynyň üstünde öwrüm etdi. Hormatly Prezidentimiz uçuş belentlikden möhüm meýdan işleriniň barşyny synlady hem-de ekerança öz ünsi bilen bol hasyl ýygnamakda üstünlikler arzuw etdi. Çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde gallaçy-kärendeçi duran ýerinden döwlet Baştutanymyza netijeli zähmet çekmek we daýhanlaryň abadan durmuşy üçin döredilýän ähli şertlere çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

 Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan meýdan işlerini synlady. Häzirki döwürde hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek, gowaçalara ideg etmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Mundan başga-da, kärendeçi daýhanlaryň zähmetinden kemal tapan dürli görnüşli gök önümleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi milli Liderimiziň içerki sarp edijileri we halkymyzy ter gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

“Nesil” gazeti,

17.06.2017ý.

Meňzeş habarlar