Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.
10-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemlerine, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana boljak iş saparyna taýýarlyk meselelerine, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, “Astana EKSPO — 2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisinde ýurdumyzyň sergi merkeziniň açylmagy dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň abraýyny artdyrýar. Şu gezekki sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny dünýä bileleşigine görkezmek, şonuň bilen bir wagtda hem dürli ulgamlarda toplanylan öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Bilelikdäki mejlisde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana saparyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabat diňlenildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Muňa Birleşen Milletler Guramasy bilen gepleşikleriň soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. BMG Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar we ýurdumyz bu iri halkara guramasynyň ýokary ynamyna eýe boldy.
Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyga täze itergi berer hem-de türkmen Lideriniň oňyn syýasy ugrunyň giň ykrarnama hem-de goldawa eýe bolýandygynyň, öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine ugrukdyrýan Türkmenistanyň barha artýan abraýyny alamatlandyrýar.
Şeýle hem ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri, türgenleriň, tälimçileriň lybaslary, olaryň görnüşleri baradaky hasabatlar diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesini, şeýle hem ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada aýdylyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň ugurlary, öňde durýan wezipeler kesgitlenip, olary ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada habar berildi.
Bilelikdäki mejlisiň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Aziada — 2017-niň geçirilmeginiň barşynda degişli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, türgenlere degişli ugurlar boýunça hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň, Aziadanyň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz obasenagat toplumyny ösdürmek meselesi barada aýtmak bilen, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak, olaryň degişli derejede saklanylmagy, gallanyň gaýtadan işlenilmegi boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Şeýle hem bilelikdäki mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
13.06.2017ý.












