AŞGABAT — 2017: Türkmenistan dünýäniň sport ýurtlarynyň hataryna goşulýar we Olimpiadany geçirmäge dalaş edýär

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Ol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport wekiliýetleriniň ýerleşjek ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumy, lukmançylyk merkezi we Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Aşgabat — 2017» taslamasy ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherjigi bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin Aziadanyň özboluşly mirasyna öwrüler.

 Aziada — 2017-niň başlanjak pursady ýakynlaşdygyça, milli Liderimiz bu iri ýaryşlara paýtagtymyzyň hem-de Olimpiýa şäherjiginiň taýýarlygyna, onuň desgalarynyň abadanlaşdyrylyşyna has içgin üns berýär. Munuň özi öňde boljak ýaryşlaryň ýokary derejesinden habar berýär. Hormatly Prezidentimiz 7-nji iýunda hem Olimpiýa şäherjiginiň düzümleri bilen tanyşdy.

 Olimpiýa şäherjiginiň Halkara ýaýlyma beriş we metbugat merkezinde hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşyjylar bilen iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýolbaşçylaryň Aziada — 2017-niň dabaralaryny, sport we medeni çärelerini ýokary derejede geçirmek, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny dolandyrmak we olary netijeli peýdalanmak meseleleri hakyndaky hasabatlary diňlenildi.

 Aşgabat şäher häkimliginiň ýanynda Olimpiýa şäherjiginiň müdirligini döretmek teklip edildi. Munuň özi ähli maddy-enjamlaýyn we şäheriň edara ediş ulgamynyň guramaçylyk meselelerini nazara almak bilen, onuň düzümine ulgamlaýyn jemagat we hojalyk hyzmatlaryny guramak üçin zerur bolup durýar.

 Hormatly Prezidentimiz teklibi oňlap, “Aşgabat şäherinde bina edilen Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumyny dolandyrmak meseleleri baradaky” Karara gol çekip, şäherjigiň desgalarynyň Aziýa oýunlary geçirilenden soň hem işjeň herekete girizilmelidigini belledi.

 Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek hakynda” Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, oýunlara taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitete Konsorsiumyň düzümine girýän “Gül Zaman” hojalyk jemgyýeti we Şweýsariýanyň “Gourmet Sports Hospitality AG” kompaniýasy bilen Aziada — 2017-ä gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmak tabşyryldy.

“Nesil” gazeti,

10.06.2017ý.

Meňzeş habarlar