“ÝAŞLAR SIZIŇ BILEN ARKADAGLY SERDARYMYZ”

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde “Ýaşlar siziň bilen Arkadagly Serdarymyz” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik çäresini geçirdi. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Görogly etrabynyň  çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny teleýaýlymda şöhlelendirmek maksadynda geçirilen söhbetdeşlik çäresinde TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň wekili, etrabyň bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar ýylymyzyň şygarynyň atlandyrylyşy, bu ýylda öňde goýlan wezipeler, türkmen ýaşlaryna döredilip berilýän mümkinçilikler, öz zähmet çekýän pudaklarynda has hem önjeýli zähmet çekmek, dürli medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklyk barasynda giňişleýin durup geçdiler.

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 90 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 87 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY