Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşleriniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Köneürgenç etrap pagta egriji fabriginiň mejlisler zalynda «Halk Maslahaty — agzybirligiň we döwletliligiň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halk maslahatynyň taryhy ähmiýeti, onuň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hänärmeni.