Ykdysady ösüşde öňe tarap ynamly hereket

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank toplumynyň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

 6-njy iýunda geçirilen ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maslahatda hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça senagat syýasaty alnyp baryldy, uglewodorod däl serişdeleriň pudaklaryny ösdürmäge ugur alyndy. Bu bolsa giň karz bermek syýasaty we netijesiz çykdajylary azaltmak bilen alnyp baryldy. Geçirilen şeýle işler ykdysadyýetimiziň aglaba pudaklarynyň bäsleşige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi. Daşary söwda amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eksport amallarynyň möçberlerini geçen ýyldaky derejesinde saklamaga şert döretdi.

 Senagatda, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda eksporta niýetlenen harytlary öndürýän pudaklar döredilýär. Bu bolsa biziň mümkinçiliklerimizi giňeltmäge, dünýädäki çökgünligiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmäge şert döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 Ýurdumyzyň Döwlet býujeti netijesiz çykdajylary azaltmagyň hasabyna, hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp düzüldi. Býujetde maliýe serişdelerini has oýlanyşykly, anyk maksada gönükdirip ulanmak göz öňünde tutuldy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özgertmeleri geçirmegiň depginleriniň hem pese düşürilmeýändigini nygtady. Özgertmeler maliýe, salgyt-býujet, pul-karz bermek, daşary ykdysady we nyrh syýasatynda hem amala aşyrylýar. Umuman, şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça kanagatlanarly netijeleri gazandyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

 Soňra milli Liderimiz aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny belledi. Häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini, döwletimiziň maliýe ýagdaýy, özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, has beteri-de ykdysadyýetimiziň düzümi bizi kanagatlandyryp bilmez diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Nesil” gazeti,

08.06.2017ý.

Meňzeş habarlar