Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
2-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini tassyk edýär. Şeýlelikde, jemi içerki önüm 6,3 göterim ýokarlandy, şol sanda senagat pudagynda ösüş depgini 2,9 göterime, gurluşykda 4,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 3,6 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa ösüş depgini 10,2 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürmegiň möçberleri 3,7 göterim, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 17,2 göterim, ortaça aýlyk haklary 9,1 göterim ýokarlandy.
Ýanwar-maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 6,43 milliard manat derejesinde bolup, onuň çykdajy bölegi 6,4 milliard manada deň boldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,8 milliard manada deň boldy. Häzirki döwürde durmuş maksatly desgalaryň 65-sinde, 30 sany suw we arassalaýyş desgalarynda gurluşyk işleri alnyp barylýar. 496 müň inedördül meýdany bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, şeýle hem beýleki düzümleýin desgalaryň bina edilmegi alnyp barylýar. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberleri 866,1 million manada deň boldy.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz kärhanalary hususylaşdyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýangyç-energetika toplumynda, himiýa kärhanalarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Milli Liderimiz galla oragyna ak pata berip, bu möhüm işe Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji iýunda girişmegi tabşyrdy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak, abadançylyk işlerini çaltlandyrmak, şeýle hem sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, türgenlerimiziň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
“Nesil” gazeti,
06.06.2017ý.












