Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi berkarar döwletimiziň taryhyndaky uly we örän möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Çärýek asyr mundan ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşen garaşsyz döwletimiziň berk hem-de kuwwatly binýadynyň düýbi tutulyp başlan döwrüniň örän möhüm taryhy wakalarynyň biri boldy.
Konstitusiýamyzyň kadalarynda döwlet gurluşynyň düzgünleri, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimiziň esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlary jemlendi. Esasy Kanunymyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin!» diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw-umytlary, ata-babalarymyzyň döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky ündewleri hem öz kanuny beýanyny tapdy.
Eziz watandaşlar!
Esasy Kanunymyz dürli ulgamlarda döwlet syýasatyny düzgünleşdirýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde hem esasy orny eýeleýär. Türkmenistanda milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslarynyň ösmegini we kämilleşmegini üpjün etmek maksady bilen, 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji we 2006-njy ýyllarda, şeýle hem 2008-nji hem-de 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeler amala aşyrylyp, Esasy Kanunymyza iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler siňdirildi. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyzyň diňe bir mazmun bölegi täzelenmän, eýsem gurluşy hem düýpli özgerdildi.
Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi adamlar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döredýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň has-da pugtalanýandygyny, adalatly jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze konstitusion esaslaryň döredilendigini aňladýar. Türkmenistanda Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşi ähli raýatlar üçin deňhukuklylygy hem-de kanunyň hökmürowanlygyny üpjün edýär, her bir raýatyň öz at-abraýyny hem mertebesini goramaga konstitusion hukugyny kepillendirýär. Biziň Esasy Kanunymyzda köpdürli syýasy garaýyşlaryň, köppartiýaly jemgyýetiň ykrar edilýändigi baradaky kadalaryň berkidilmegi ýurdumyzda demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrdy.
Mähriban halkym!
Türkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Ýurdumyzyň ynamly öňe barýan häzirki döwründe durmuş syýasaty, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Döwletiň hasabyna köp çagaly maşgalalara, ene-atasyz çagalara, urşa gatnaşyjylara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, syýasy hem-de durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär. Türkmenistanyň esasy ýörelgesi hökmünde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasy ugrumyzyň ykrar edilmegi biziň gazanan iň uly netijelerimiz boldy.
Ýigrimi bäş ýyl taryh üçin örän gysga möhletdir. Ýöne muňa garamazdan, şeýle gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda, Garaşsyzlygymyzyň berkidilmegine, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegine, ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam beren syýasy, ykdysady hem-de hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyryldy we bu ugurdaky işler häzir hem netijeli dowam edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda hem-de berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýeleýär.
Eziz watandaşlar!
Biz ýurdumyzyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegine, galkynmagyna, döwrebaplaşmagyna ýardam etmek maksady bilen, täze kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris. Kämil kanunlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda dolandyryş we hojalygy ýöretmek meseleleriniň çalt çözülmegine, hukuk, dünýewi döwletimizi has-da pugtalandyrmaga, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti ösdürmäge, ilkinji nobatda bolsa, her bir adamyň asuda, erkana durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Eziz watandaşlar!
Biz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýäris. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan bu Rezolýusiýalary öz Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwlet bolup durýar. Konstitusiýamyzda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy hem aýratyn bellenilýär.
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!
Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
“Nesil” gazeti,
18.05.2017ý.












