Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde wise-premýerler, ministrleriň käbirleri, welaýatlaryň häkimleri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler hem-de olaryň işine baha berildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly, parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen okgunly gadam urmagyny dowam edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hut her bir türkmenistanlynyň päk ýürekli zähmet çekmegi hem-de raýatlyk borjuny halal ýerine ýetirmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemeginiň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň girewidir.
12-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, döwlet Baştutanymyz düýpli bellikleri we talaplary beýan edip, ýolbaşçylar düzümiň öňünde ýakyn döwür üçin anyk wezipeleri goýdy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky meselä garady.
Mejlisiň barşynda berlen hasabatlardan belli bolşy ýaly, dört aýyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary görkezijiler gazanyldy. Sarp ediş harytlaryň, ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäkde saklanyldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haklary, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 5,6 milliard manada, çykdajy bölegi 5,3 milliard manada deň boldy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary wagtynda tölenildi. Garalýan döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 12,2 milliard manada barabar boldy. Häzirki wagtda 500,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Mejlisde şu ýylyň 7-nji aprelinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jarnamasynyň 2017-nji ýylyň 10-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde bu guramanyň alty sany resmi dillerinde neşir edilendigi barada hoş habar aýdyldy.
Kabul edilen resminamada döwletimiziň sport arkaly parahatçylygy we ösüşi berkarar etmäge hem-de olimpiýa maksatlaryny beýan etmäge goşan goşandyna ýokary baha berildi. Şeýle hem Jarnama ÝUNESKO-nyň howandarlygy astynda Türkmenistanda bedenterbiýe we sport üçin jogap berýän ministrleriň we ýolbaşçy işgärleriň ýedinji halkara maslahatyny geçirmek hakynda teklibi goldady.
Milletler Bileleşigi tarapyndan milli Liderimiziň sport ulgamyndaky başlangyçlaryna goldaw berilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary derejesine nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz düýpli bellikleri we talaplary beýan edip, ýolbaşçylar düzüminiň öňünde ýakyn döwür üçin anyk wezipeleri goýdy.
Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyr. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Halkymyzyň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň beden we ruhy sagdynlygy, ruhy taýdan baý nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we ýokary netijeler sportuny ösdürmek, ilatymyzy, aýratyn-da, ýaşlary hem-de çagalary bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler görülýär.
“Nesil” gazeti,
16.05.2017ý.












