Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary

 Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.

 1-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi ýurdumyzda giňden bellenip geçilen, milletiň gadymy taryhy köklerine we däplerine ygrarlylygy beýan edýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize, ähli türkmenistanlylara bagt hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 Goňşy döwletleriň Baştutanlary telefon gepleşiginiň barşynda şu ýylyň martynda özbek Lideriniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary we meýilnamalary amala aşyrmak bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda olary amala aşyrmagyň oňyn depgini bellenildi.

Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça berkitmek hem-de has-da giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny tassykladylar.

 Şunuň bilen baglylykda, ýokary hem-de hökümetara derejelerde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işiniň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunda söhbetdeşler türkmen tarapynyň ulanmaga beren, Amyderýanyň üstünden gurlan hem-de halkara ulag ýollarynyň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetini bellediler.

 Şeýle hem söhbetdeşler doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ugur edinilýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine baha bermegi üçin okgunly ösýän deňiz şypahanasyna gelip görmegi teklip etdi.

Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiziň Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

“Nesil” gazeti,

04.05.2017ý.

Meňzeş habarlar