TERBIÝE

Gadym döwürde bir goja agtygyna ýagşylyk we ýamanlyk hakynda düşünje beripdir.

Bilýäňmi, balam, her bir adamyň içinde göreş gidýär. Bu göreş jeňňeldäki iki sany gurduň garpyşmasyna meňzeşdir. Olaryň biri ýamanlygyň tarapynda bolýar, ol açgözlik, göriplik, gysyklyk, ýalançylyk. Beýleki bir gurt bolsa ýagşylygyň tarapdary, ýagny parahatçylyk, söýgi, umyt, aladaçyllyk, wepadarlyk.

Agtygy çuňňur oýa batypdyr. Uly pikiriň içinden çykyp, şeýle sowal berýär:

Ata, ahyrynda bu iki gurduň haýsysy üstün çykýar, ýagşy gurtmy ýa-da ýaman gurt?

Atasy bir täsin ýylgyrýar we şeýle jogap berýär:

Ýadyňda sakla, sen haýsy gurdy esewan etseň, şol hem üstün çykar.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 172 okalan

PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGI

18 Sentýabr 2025 | 635 okalan

KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI