7-nji aprelde Türkmenistanda tutuş halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni ählihalk baýramy hökmünde giňden bellenildi. Täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosiped ýörişi we köp sanly sport çäreleri geçirildi.
— Saglyk bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir! — diýip hormatly Prezidentimiz ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýar. Her bir adamyň ýaşaýyş-durmuşy onuň saglygyna baglydyr. Şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesinden ugur almak wajypdyr.
Saglygy goraýyş syýasaty durmuşymyzyň dürli ulgamlaryny, bir söz bilen aýdylanda, adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin ähmiýetli bolan ähli ugurlary öz içine alýar. «Saglyk» diýen düşünje häzirki zaman dünýäsinde adamzat siwilizasiýasynyň diňe milli däl, eýsem, dünýä derejesindäki ösüşleriň ugurlaryny özünde jemleýän uly möçberli syýasy derejä öwrülýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülip giden «Saglygyň gadyryn bilgil — hassa bolmazdan burun» setirlerinde-de saglygyň ähli zatdan ileri tutulýandygy nygtalýar.
Saglygy saklamakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki döwürde adamlaryň saglygyna we beden taýdan kämilligine aýawly garamak täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Çünki sport saglygyň sakasydyr.
Türkmenistanda 2011 — 2020-nji ýyllar üçin bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Sport bilen meşgullanýan her bir adamyň bedeniniň berk, ruhunyň belent, janynyň sag bolýandygy jemgyýetimiz üçin täzelik däl. Şoňa görä-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň goldawy hem-de şahsy göreldesi bilen ýurdumyzda sporty hem-de bedenterbiýäni ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň: «Biziň görýän çärelerimiziň ählisi diňe bir ýurdumyzyň geljekki sport üstünliklerine däl-de, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna we uzak ýaşamagyna, milletimiziň bagtly geljegine goşantdyr» diýen sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanda sportuň muşdaklarynyň sany barha artýar, onuň jemgyýetdäki ähmiýeti has ýokarlanýar. Türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykyp, ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasymyzyň we maddy gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermek maksady bilen geçirilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň utgaşmagy bilen türkmen sporty täze hil derejesine göterilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport bilen meşgullanmak oňyn däbe öwrülýär.
Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy-medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär. Sagdynlyk durmuşda üstünlik gazanmagy, zähmetde ukyplylygy kepillendirýär.
Il saglygyýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzyň saglyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny beýgeldýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde, goý, mydama sagdynlyk hem agzybirlik höküm sürsün!
Maýa SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
10.04.2018ý.












