ÝAŞLAR SAGDYN DURMUŞ BILEN!

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar sagdyn durmuş bilen!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda mekdepde zähmet çekýän, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Bägül Çaryýewanyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Gülälek Oranýazowanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmäge giň ornuň berilýändigi, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek işiniň ynsan saglygyny berkitmekde, professional sporty ösdürmekde ähmiýetlidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çykyş edenler sporty özlerine hemra edinmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça okuwçy ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym öwrenmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2025 | 16 okalan

ÝAŞLAR SAGDYN DURMUŞ BILEN!

25 Noýabr 2025 | 14 okalan

ZEHINLERI ÖŇE SAÝLAN BÄSLEŞIK

25 Noýabr 2025 | 14 okalan

ŞADYÝANLYGA BESLENEN BÄSLEŞIK