ŞADYÝANLYGA BESLENEN BÄSLEŞIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Gämi oba Medeniýet öýünde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3—5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2025»  atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy oglanlarynyň arasynda ruhubelentlikde geçen bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşanlar degişli şertlere laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüsini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler.

Owadan sahnany bezän çykyşlar gyzgyn garşylanyp, bäsleşigiň eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi. Netijelere görä, etrabyň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Begmyrat Akmämmedow birinji, 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Emirhan Batyrow ikinji orny eýeläp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Gülälek ORANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2025 | 11 okalan

ÝAŞLAR SAGDYN DURMUŞ BILEN!

25 Noýabr 2025 | 9 okalan

ZEHINLERI ÖŇE SAÝLAN BÄSLEŞIK

25 Noýabr 2025 | 11 okalan

ŞADYÝANLYGA BESLENEN BÄSLEŞIK