«SANLY ÇÖZGÜT – 2025» ATLY INNOWASION TASLAMA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi tamamlandy. Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bu maslahatyň jemleýji wakasy boldy.

Bäsleşik türkmen ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky ýokary mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek tassyklady. Esasy bilim edaralarynyň, degişli ministrlikleriň we müdirlikleriň wekilleri programma üpjünçiligini, robot tehnikasyny, saglygy goraýşy we beýleki innowasion işläp düzmeleri öz içine alýan köp sanly IT taslamalary görkezdiler.

Taslamalara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn müdirlikleriniň we öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň wekillerinden ybarat bolan bilermen emin agzalary tarapyndan baha berildi. Emin agzalary tassyklanan düzgünlere laýyklykda işlenip düzülen çözgütlere sanlylaşdyrma pudagyndaky ýokary standartlara ygrarlylyk görkezmek bilen, ýokary baha berdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça, birnäçe ugurda ýeňijiler kesgitlendi. Geljekki taslamalaryny işläp düzmekleri üçin, olara gymmatly baýraklar berildi.

Ýedi ugur boýunça birinji orny şular eýelediler: Annageldi Hydyrow ‒ Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Internet tehnologiýalary merkeziniň KE «Türkmentelekom» serwer infrastrukturasynyň baş hünärmeni, Jeýhun Jumaşow ‒ «IT Park»-ynyň «Sanly Çözgüt IT meýdançasynyň» wekili, Oguz Han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki wekili ‒ Nurgeldi Öwezow we Aýnur Çakyýewa; Myratberdi Myratberdiýew ‒ Milli howpsuzlyk institutynyň wekili; şeýle hem Telekommunikasiýa we informatika institutynyň iki talyby ‒ Arslan Rejebow we Suraý Guljanowa. Olaryň her biri türkmen öndürijisi bolan «Aýdyň gijelerden» telewizor we «Dell Inspiron» noutbukyny aldy. Ikinji orny 14 bäsdeş eýeledi, olar «Asus Vivobook» noutbukyny aldylar. Üçünji orny 21 adam eýeledi, olara «Xiaomi Pad2 Ram» planşetleri berildi.

Her ýyl geçirilýän «Sanly çözgüt» bäsleşigi diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, pikirleri öňki işleri özgertmäge we ýurduň ösüşi üçin täze sepgitleri açmaga ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, goldamak hem sylaglamak üçin maksatly ýerlikdir.

Bäsleşigiň maksady ýaşlary ylmy-tehniki döredijilige, täze tehnologiýalary we çözgütleri işläp düzmäge işjeň gatnaşmaga çekmek, şeýle hem ýaş täzelikçilere bilermenleriň bahasyny, gymmatly maslahatlaryny we iň esasysy, öz taslamalaryny durmuşa geçirmekden, başlangyç meýdançany almak üçin özboluşly mümkinçilik bermekdir.

Şeýle çäreler güýçli we innowasion IT ekologik ulgamy emele getirmekde, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmegini üpjün etmekde we onuň hereketlendiriji güýji bolmaga taýýar şahslary goldamakda möhüm orny eýeleýär.

turkmenistan.gov.tm